Türkmen türgenleri Türkiýede geçiriljek iki sany iri ýaryşa gatnaşar

  • 18.09.2022 10:44
  • 24k+

Türk şäheri Samsun 21-30-njy sentýabr aralygynda FISU-yň (Uniwersitet sportynyň halkara federasiýasynyň) howandarlygy astynda geçiriljek Talyplaryň arasynda başa-baş söweş boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlary kabul eder.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 52 türgen-talyp, şeýle hem ýurdumyzdan 12 tälimçi sambo, taý boks, karate, uşu we grek-rim göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.
Samsundaky ýaryşlaryň açylyşyndan bir hepde geçensoň, Türkiýe Respublikasynyň başga bir şäherinde - Iznikde  Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlary geçiriler. 29-njy sentýabrda oýunlaryň açylyş dabarasyna ýüzden gowrak ýurtdan üç müňden köpräk türgen gatnaşar. Sportuň kyrkdan gowrak görnüşi boýunça güýçlüleri öňe saýlamak meýilleşdirilýär.
Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan 40 türgen guşakly göreş, gazak göreşi, kuraş göreşi, ýaýdan ok atmak, şeýle-de, milli sport oýunlary boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Çarwadarlaryň oýunlarynda guşakly göreş boýunça ýaryşa iň köp wekil Türkmenistandan gatnaşar. Türkiýäniň Bursa welaýatyna bu başa-baş göreşiň 25 sany türkmen ussady geler.
Iznikdäki  Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 2-nji oktýabrda geçer. 


18.03.2026 11:25
1.8k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

16.03.2026 17:11
5.8k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...

16.03.2026 12:00
1.4k+

Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler

22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar...

13.03.2026 09:25
7.4k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...