Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan mekdepleriň ikisi daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep bolar, şeýle hem bu ýerde Ahal welaýat Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Ahal welaýat Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi bolar. Munuň maksada laýyk boljakdygy barada 17-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkezine baryp görmeginiň barşynda belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi beýleki welaýatlarda bolşy ýaly Ahal welaýatynda hem degişli orta hünär okuw mekdepleriniň işiniň ýola goýulmagyny üpjün eder.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow täze edara ediş merkezinde atçylyga degişli ýokary okuw mekdebiniň gurulýandygyny belläp, munuň özi ýaşlaryň höwes edýän ugurlary boýunça bilim almagyna giň ýol açjakdygyny belledi.