Starbucks 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3000 sany täze kofehana açar

  • 17.09.2022 11:04
  • 6.9k+

Amerikanyň Starbucks Corp. kofehanalar tory 2025-nji ýyla çenli Hytaýda 3 müň sany täze kofehana açmagy we şol döwür içinde ýurtda söwdasyny iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär diýip,  Sietlde geçen "Maýadaryň gününde"  kompaniýanyň top-menejerleri habar berdi.

Şonda ýene üç ýyldan Starbucks-yň Hytaýdaky torunda 9 müň kofehana bolar.
Owal kompaniýa 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtdaky kofehanalaryň sanynyň 6 müňe ýetjekdigini habar beripdi diýip, The Wall Street Journal belleýär.
Ýylyň başynyň kompaniýa üçin gaty çylşyrymly başlanandygyna garamazdan, optimistik meýilnama beýan edilipdi. Starbucks-yň Hytaýda ýylyň 3-nji iýulda tamamlanýan maliýe çärýeginiň içinde deňeşdirilýän satuwlar ýyllyk aňlatmada 44% pese gaçdy, emma şol döwür içinde umumy dünýä görkezijisi welin, 3% ösüpdi. Şondan öňki çärýekde koronawirus pandemiýasyny saklamak bilen bagly berk çäreler sebäpli hytaý kofehanalaryndaky söwda 23% peselipdi.
Emma Starbucks-yň ýolbaşçylygy pese gaçyşlyk wagtlaýyn zat, hytaý bazarynyň potensialy bolsa juda ýokary bolmagynda galýar diýip hasaplaýar. Kompaniýa 2021-nji maliýe ýylynda ähli düşewündiniň 13%-ni Hytaýda gazandy.

"Kofe ýaş hytaýlylaryň gowy görýän içgisine öwrülip barýar, we biz bazaryň möhüm bölegini eýelemäge taýýar - diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Goward Şuls aýdýar. - Häzir biz ýurtda uzak möhletleýin ösüş üçin maýa goýýarys."

Onuň sözlerine görä, häzir Hytaýyň ilaty bir ýylda ortaça 10-12 çaşka kofe içýär, ABŞ-da tersine - 380. 2014-nji ýylda bolsa Hytaýda kofeniň sarp edilişi bir ýylda üç çaşka-da ýetenokdy.
2022-nji ýylyň başyndan bäri Starbucks-yň kapitalizasiýasy 25% diýen ýaly pese gaçdy we häzir 102,2 mlrd töweregidir.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....