«Arassa ganly»: Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy

  • 17.09.2022 10:17
  • 11k+

Ferrari kompaniýasy Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy. Onuň ady «arassa ganly» diýip terjime edilýär.

Ferrari Purosangue-niň göwrümi 3018 mm teker bazaly ýagdaýda 4973x2028x1589mm bolup durýar. Awtoulagyň agramy 2033 kg, bagažniginiň göwrümi 473 litr, benzin bagynyň göwrümi 100 litr bolup durýar.
Awtoulagyň esasy aýratynlyklarynyň biri yzky gapylary bilen bagly, olaryň elektropriwody bar we hereketiň garşysyna giňden açylýarlar. Ferrari Purosangue-yň salony dört adama niýetlenen.

Awtoulag 715 at güýjüne deň bolan täze 6,5 litrlik V12 atmosfera hereketlendirijisine, şeýle hem goşa ssepleniýeli sekiz basgançakly “robota” we doly herekete getirijä eýe boldy. Bary-ýogy 3,3 sekundyň içinde 0-dan 100 km/sag çenli bat alýar, 10,6 sekuntda 200 km/sag çenli bat alýar, aňrybaş tizligi bolsa 310 km/sag-dan geçýär.
Awtoulag indiki ýyl 390 müň ýewro bahadan satlyga çykar. Ýedi ýyllyk goldaw bilen tehniki hyzmat hem onuň bahasyna girýär.
Kompaniýanyň täze ulagdan köpçülikleýin model ýasamajakdygyny eýýäm Ferraride mälim etdiler: “Biz esaslandyryjymyz Enso Ferrariniň eksklýuziw bolup galmak missiýasyna eýerýäris”.


düýn 14:50
2.2k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 16:47
3.1k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

24.03.2026 09:33
2.4k+

Seýrek duş gelýän Ferrari FXX K giperkary €5 mln baha bilen auksionda satylar

RM Sotheby's 2018-nji ýyldaky Ferrari FXX K giperkaryny auksionda satmagy meýilleşdirýär. Awtoulagyň deslapky satuw bahasy 5,2–5,7 million ýewro aralygynda kesgitlenýär. Bu awtoulaglardan diňe 40 sanysy öndürilipdir...

16.03.2026 09:53
2.6k+

Mazda Ferrari-niň ilkinji elektromobiliniň çykarylmagyna päsgel bermek bilen haýbat atýar

Mazda kompaniýasy Ferrari-niň özüniňki bilen adybir elektromobilini çykarmak meýilnamasyny yglan edeninden bary-ýogy bir aý soň, «Luce» haryt nyşanyny hasaba aldyrmak üçin arza berdi. Bu barada Awstraliýanyň «Carexpert» neşiri habar berdi...