Türkmen wekiliýeti Dubaýda köpugurly gepleşikleri geçirdi

  • 17.09.2022 09:44
  • 7.4k+

14-16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olar barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Hususan-da, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Baş Raýat Awiasiýa edarasynyň Baş direktorynyň orunbasary Omar bin Galebi, BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasynyň ýolbaşçylary, Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdiriýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi hem-de BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin deňiz, demir ýol we howa ulaglarynyň, şol sanda port infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini ulanmak barada pikir alşyldy.
Türkmenistan awiakompaniýasynyň we beýleki ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri BAE-niň Baş raýat awiasiýa edarasy bilen özara gatnaşyklaryny we geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
BAE-niň “Etihad Rail” demir ýol edarasy bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we BAE-Eýran-Türkmenistan ulag geçelgesini döretmek mümkinçiligini, şeýle hem BAE-e Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi bilen birleşmäge mümkinçilik bermek barada gürrüňdeşlik geçirildi.
Dubaýyň Hökümetiniň Ykdysady ösüş we syýahatçylyk boýunça müdiriýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Ali Ybrahimi bilen iki ýurduň ykdysadyýetde we syýahatçylykda gazanan üstünlikleri barada pikir alşyldy. BAE-niň “Dubai Nasdaq” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirilip, onda birža boýunça awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygy, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we gymmat bahaly kagyzlaryň biržada ulanylmagy ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada gürrüň edildi.


düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......