Finlýandiýa gazyň sarp edilişini iki esse azaltdy

  • 16.09.2022 20:26
  • 5.5k+

Finlýandiýa ýylyň birinji ýarymynda önümçilikde ýa-da jaýlary ýylatmakda bökdençlige ýol bermezden tebigy gazyň sarp edilişini iki esse azaltdy diýip, ýurduň iň uly gazeti bolan “Helsingin sanomat” habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Ýanwar aýyndan awgust aýy aralygynda Finlýandiýa, takmynan, 8,8 terawatt/sagat tebigy gaz sarp etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri – 17,8 terawatt/sagat bilen deňeşdirilende, takmynan, iki esse azdyr. Sarp edişiň tas 50% azalmagy Ýewropanyň rekordydyr” – diýlip, habarda aýdylýar.

Brugel analitiki merkez tarapyndan toplanan maglumatlara esaslansak, ÝB-niň başga hiç bir döwletine gazyň sarp edilişini şeýle derejede azaltmak başartmady diýip, neşir belleýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda ÝB-de gazyň sarp edilişi ýyllyk hasabynda bary-ýogy 6% azaldy, käbir ýurtlarda bolsa birneme ösüş hasaba alyndy. ÝB-niň maksady gazyň sarp edilişini 15% azaltmakdan ybarat.
Pudak hünärmenleriniň pikiriçe, Finlýandiýanyň rekordynyň sebäpleriniň biri aýratyn gaz ýyladyjylary bolan öýleriň sanynyň az bolmagy, şeýle-de ýylylyk energiýasyny öndürijiler tarapyndan tebigy gazyň kömür, biomassa ýa-da torf ýaly ýangyjyň beýleki görnüşleri bilen çalşylmagy bilen baglanyşyklydyr.


19.04.2026 12:09
9.8k+

Türkmenistanda täze «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde......

17.04.2026 16:36
13k+

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi

Türkmenistanyň Mary welaýatynda ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry başlandy. Şu gün irden geçirilen dabaraly çäre barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär....

17.04.2026 16:26
6.8k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....

21.03.2026 16:03
8.1k+

Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi

2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...