Türkmenistanda täze «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy döredildi

  • 19.04.2026 12:09
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky «Galkynyşgaz» kärhanasyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama 18-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda tassyklanyldy.

Täze düzüm potratçy bilen işleri utgaşdyrmak we «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň amala aşyrylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen döredilýär. Bu tapgyryň çäklerinde «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasy bilen bilelikde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgalaryň taslamasyny taýýarlamak we gurluşygyny alyp barmak göz öňünde tutulýar.

Gol çekilen resminama döwlet konsernini täze kärhananyň düzgünnamasyny tassyklamaga we onuň netijeli işlemegini üpjün etmäge borçlandyrýar.

Döwlet Baştutany käni özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň başlanmagynyň energetika pudagy üçin taryhy waka bolup durýandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Guwanç Agajanowa bu taslama boýunça bellenilen ähli wezipeleriň wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


şu gün 16:02
242

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......