Türkmenistanyň Prezidenti «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

  • 13.09.2022 08:44
  • 6.9k+

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ilkinji gezek geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

“Biz türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýarys. Milli medeniýet we sungat häzirki döwürde jemgyýetimiziň ruhy güýjüne, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatyna öwrülýär” diýlip Gutlagda nygtalýar.

Döwlet Baştutany: “Biz meşhur sungat ussatlarymyzdan, halypa bagşy-sazandalarymyzdan şu günlere gelip ýeten aýdym-saz sungatymyza buýsanmaga haklydyrys. Şükür bagşynyň, Amangeldi Gönübegiň, Sary bagşynyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň, Mylly Täçmyradowyň, Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň, Nurberdi Gulowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Mustak Aýmedowyň, Nobat bagşynyň, Gurt Ýakubowyň we ençeme beýleki meşhur bagşy-sazandalarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary milli bagşyçylyk sungatymyzyň kämillik derejesini has-da belende göterdi” diýip, halkymyzyň bagşyçylyk sungatynda halypa-şägirtlik ýolunyň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem türkmen mukamlarynyň, joşgunly aýdymlaryň gadyr-gymmatyny has-da belende göterýär. Bu bäsleşik dutarda saz çalmaga, aýdym aýtmaga höwesli täze zehinli ýaşlary ýüze çykarýar.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......