Serdar Berdimuhamedow: “Garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çäreler ýokary derejede geçirilmelidir”

  • 10.09.2022 09:40
  • 12k+

9-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek baýramçylyk çärelerine, şol sanda Döwlet münberiniň öňünde guraljak dabaralara, teatrlaşdyrylan çykyşlara, medeni-köpçülikleýin çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara ähmiýetli iri çärelere, şol sanda döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna, maslahatlara, Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 18:14
2.1k+

Türkmenistan Gurban baýramyny giň gerimde belleýär

Üç günläp dowam edýän Gurban baýramy türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda giňden bellenilýär....

26.05.2026 19:02
6.3k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....

26.05.2026 12:36
2.6k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

25.05.2026 11:17
9.2k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....