Apple täze «akylly» sagatlaryň hataryny hödürledi

  • 08.09.2022 15:02
  • 10k+

Çarşenbe güni Apple tanyşdyryş dabarasynda «akylly» sagatlarynyň täze model hatary barada gürrüň berdi. Çäre korporasiýanyň YouTube-daky resmi kanalynda göni ýaýlymda görkezildi.

Korporasiýanyň täze önümleriniň sanawyna Apple Watch Series 8, Apple Watch SE we täze, rewolýusion Apple Watch Ultra girdi.
Şeýlelikde, Apple Watch Series 8 bedeniň temperaturasynyň üýtgeýşini Selsiýa boýunça 0,1-e çenli ölçemäge ukyply. Şeýle-de, olar ulagyň eýesiniň ýol heläkçiligine uçran pursadyny bilmegi başarýarlar — bu režim diňe ulag sürülýän mahalynda işleýär. Tehnologiýa awtomatik usulda halas ediş gullugyny çagyrýar. Sagatlaryň 18 sagada çenli, tygşytly energiýa düzgüninde goýlanda bolsa 36 sagada çenli zarýady gitmeýär. Series 8 100% alýuminden ýasalan we birnäçe reňki bar. Gurluş 16-njy sentýabrdan başlap satuwa çykar.
Apple Watch SE-niň ikinji nesli çaltlaşdyrylan önümçilige eýe — çipi, öňki wersiýasy bilen deňeşdirilende, 20% çalt işleýär. Apple Watch Ultra-nyň täze modeliniň korpusy titandan edilen we 49 mm-lik tekiz ekrany, zarýady 36 sagatlap gitmeýän, 60 sagada çenli saklanyp bilýän batareýasy bar. Şonuň ýaly-da, sagadyň syýahat üçin niýetlenen Wayfinder funksiýasy hem bar.
Oňa kompos, gijeki režim we beýleki 190 metre çenli aralykdan eşidilýän ses habarlary ýaly täzelikler girýär. Sagatlaryň bu wersiýasynyň GPS-leri has takyk hasaplanýar.


şu gün 12:35
1.1k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
2.2k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.8k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......