Aşgabadyň zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek işleri güýçlendirilýär

  • 03.09.2022 23:51
  • 13k+

Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada 2-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu inženerçilik desgasynyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzyň ýerasty suwlarynyň derejesi peselip, şäheriň gidromelioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, zeý we sil suwlaryndan goraglylygyny üpjün etmek, lagym we ýagyş suwlaryny şäheriň daşyna çykarmak mümkinçilikleri döredildi.
Wise-premýer degişli hünärmenler tarapyndan paýtagtymyzyň günbatar hem-de demirgazyk böleklerinde ýerasty suwlaryň derejesini kesgitlemek boýunça tehniki hasabatlaryň taýýarlanylandygyny hem habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna ygtybarly zeýkeş ulgamyny döretmek maksady bilen, degişli teklipler hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýerasty suwlaryň derejesini peseltmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny nygtady. Munuň özi inženerçilik-tehniki ulgamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de Aşgabatda durmuş-üpjünçilik meseleleriniň birnäçesini toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berer.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....