Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi

  • 03.09.2022 08:52
  • 4.8k+

2-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihael Uwe Birhoffy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidente hoşallygyny bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda halkara başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň döwletlerimiziň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydygyny nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bähbidine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň senagatyň dürli pudaklarynda, oba hojalygynda, bank, şeýle-de ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň köpüsi türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýär. Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns çekildi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......