Toyota awtoulaglary gymmat polatdan öndüriler

  • 02.09.2022 16:19
  • 28k+

Toyota öz üpjün edijilerine satýan metalynyň bahasyny birden galdyrmak kararyna geldi diýip, Nikkei agentligi habar berýär. Bahalar 20-30% galdyryldy. Nikkei-ň maglumatlaryna görä, Toyota konsernine ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän öndürijiler üçin poladyň bir tonnasy ortaça 40 müň ýene ($289) çenli galdy.

Toyota-nyň Ýaponiýada iň iri polat satyn alyjydygyny bellemelidiris: kompaniýa metaly diňe bir özi üçin däl, eýsem, üpjün edijileri üçin hem satyn alýar. Şonuň üçinem hut Toyota-nyň goýan bahasy däp boýunça diňe awtoulag bazary üçin däl, eýsem, tutuş bazar üçin çelgi hasaplanýar. 
Toyota-nyň üpjün edijileri üçin poladyň bahasynyň galmagy bilen, ätiýaçlyk şaýlarynyň hem, kuzowyň bölekleriniň hem gymmatlamagyna garaşybermeli diýip köpler ynam bilen aýdýarlar. Bu bolsa ulaglaryň özüniň hem bahasynyň ýokarlamagyna, diňe bir Toyota kysmynyň däl, eýsem beýleki ýapon öndürijileriniň ulaglarynyň hem gymmatlamagyna sebäp bolar.  


23.05.2026 08:13
3.4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
5.5k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.8k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

15.05.2026 09:20
6.6k+

Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin......