Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 01.09.2022 10:53
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Özbegistan Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan bäri syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryndaky ösüşinde uly üstünlikleri gazanýar, halkara giňişlikde mynasyp abraýdan peýdalanýar, sebit hem-de ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde ähmiýetli orny eýeleýär” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde ýetilen derejä ýokary baha berilýändigini we onuň mundan beýläk-de giňeldilmegine çalşylýandygyny belläp, türkmen-özbek strategik gatnaşyklaryny iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli ösdürmek, täze sepgitlere ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.


09.06.2026 12:11
14k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
10k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....