Ýadymyzy nädip gowulandyryp bileris?

  • 01.09.2022 17:18
  • 36k+

Yzygiderli akyl maşklary, dogry iýmitlenmek, sagdyn uky we jemgyýetçilik işjeňligi adamyň ýadyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu barada russiýaly newrolog lukman Igor Masokiniň berýän maslahatlaryny gazeta.ru ýetirýär.

“Ýadyň we ünsüň saklanmagy hem-de gowulanmagy üçin yzygiderli akyl maşklary zerurdyr. Şunda oňa jyns, ýaş we işiň görnüşi bilen baglylykda, şahsy çemeleşmeleriň-de gerekdigine düşünmeli” diýip, lukman belleýär.

Newrologyň sözlerine görä, yzygiderli akyl ýüküne diňe bir kitap okamagy, rebusdyr krosswordlary, daşary ýurt dillerini öwrenmegi däl, eýsem, logiki oýunlary, şol sanda strategik pikirlenişi ösdürmäge ýardam edýän kompýuter oýunlaryny hem degişli etmek mümkin. “Şunda döredijilik başarnyklaryňy ösdürmek, saz gurallaryny çalmak, surat çekmek, şygyr düzmek ýa-da düzme ýazmak hem peýdalydyr. Muňa garamazdan, gerekmejek maglumatlary ýatda saklamaga çalyşmak hökman däl” diýip, lukman aýdýar.
Igor Masokiniň pikiriçe, ukynyň gigiýenasyny saklamak hem möhümdir. Çünki hut şol wagtda beýniden zäherli metobolik önümler bölünip çykýar we new ulgamy ertirki gün üçin ätiýaçlyk ýygnaýar. Ýady gowulandyrmak üçin yzygiderli fiziki maşklar, iýmit düzgünlerine, bedeniň agramyna esewan etmek hem zerurdyr.
Newrolog hemişe adamlar bilen aragatnaşykda bolmagyň, täze dostlar bilen tanyşmagyň, täze ýerlere gezelenç etmegiň, hatda ozalky ýol ugurlarynyň üýtgedilmeginiň hem täze neýron baglanyşyklaryny berkidip, beýniniň işini gowulandyrmaga görnetin täsirini ýetirip biljekdigini aýdýar.

“Ýöne iň esasysy — günüň dowamynda beýniňe bolmanda 15 — 20 minut dynç bermeli” diýip, lukman maslahat berýär.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......