Russiýada we Türkiýede geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglanar

  • 31.08.2022 11:39
  • 14k+

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag iberdi.

“Eziz Diýarymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi. Bu ýaryşlara ýurdumyzyň we dünýä ýurtlarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Munuň özi türkmen sportunyň halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Garaşsyz döwletimiziň ähli künjeklerinde sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi türkmenistanly türgenleriň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini şertlendirýär” diýlip Gutlagda bellenilýär. Nygtalyşy ýaly, Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň mynasyp wekilçilik etmekleri, Garaşsyz Watanymyzyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylmagy döwletimizde sporty ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk etdi. Biz muňa türkmen sportunyň ýeňişli ýollarynyň başlangyjy hökmünde seredýäris.

“Ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, mähriban Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdyklaryna pugta ynam bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» VII halkara sport oýunlarynda 13 döwletden 1355 türgen sportuň 19 görnüşi boýunça güýç synanyşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşlarda jemi 16 medala (2 altyn, 3 kümüş, 11 bürünç) mynasyp boldy. Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda bolsa milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri jemi 23 medala mynasyp bolup, ýurdumyzyň medallar gaznasynyň üstüni 4 altyn, 6 kümüş, 13 bürünç bilen ýetirdiler.


10.05.2026 18:36
4.8k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

28.04.2026 16:14
4.6k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......