Gazagystanda dünýä dinleriniň liderleriniň gurultaýy üçin Ginnesiň täze rekordyny goýmak meýilleşdirilýär

  • 30.08.2022 18:34
  • 18k+

Gazagystanda Ginnesiň täze rekordyny goýmak meýilleşdirilýär. Prodýuser Daut Şaýhislamow iň köp milletli orkestri ýygnajak “Dünýä sazy” taslamasyna başlady.

“Kazinformyň” ýazmagyna görä, rekordyň düýp manysy bir sahnada, bir aýdym-saz toparynda dürli halklardan we milletlerden has köp wekil jemlemekden ybarat. Bu köp milletli orkestr adamlary gözüniň görnüşi, deriniň reňki ýa-da dini boýunça bölmeýän hakyky birleşdiriji sazy ýerine ýetirer. Bu barada centralasia.media belleýär.

“Öňki taslama, “Dünýäniň suraty”, maňa ganat berdi. Men meseläniň maddy däl-de, ýagşy energiýany berýän we bu energiýa bilen paýlaşmaga iterýän ruhy tarapy barada gürrüň edýärin. Täze taslamanyň ideýasy öňden hem bardy, ýöne sentýabr aýynyň ortasynda Gazagystanyň paýtagtynda Dünýä we adaty dinleriň liderleriniň VII gurultaýynyň geçiriljekdigi işe giriziji mehanizm bolup çykyş etdi. Bu global waka Rim papasynyň hem gelmegine garaşylýar. Gazagystanyň esasy şäherine dünýäniň dürli künjeginden dürli dini birleşikleriň wekilleriniň gelmegi we bu ýerde olary köp milletli orkestriň garşylamagy simwolikdir” – diýip, Daut Şaýhislamow aýdýar.

Gatnaşyjylaryň sany heniz mälim edilmedi, ýöne prodýuser ýaşlaryň örän işjeň bolup, eýýäm köp sanly arza tabşyrandygyny belleýär. Prodýuseriň aýtmagyna görä, sazandalaryň haýsy kompozisiýany ýerine ýetirjekdigi barada deslapky ylalaşyk bar.
Çäre 6-njy sentýabra meýilleşdirilip, onuň geçiriljek ýeri hökmünde Parahatçylygyň we ylalaşygyň köşgi saýlandy.


19.06.2026 11:22
4.4k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

18.06.2026 22:32
4.4k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....