Smart sagatlaryň dünýä bazary ösmegini dowam etdirýär

  • 28.08.2022 08:56
  • 7k+

Counterpoint Technology Market Research kompaniýasy häzirki ýylyň ikinji çärýeginde akylly el sagatlarynyň global bazaryny öwrenmek bilen çykaran netijelerini mälim etdi. Ykdysady kynçylyklara we inflýasiýanyň ýokary derejesine garamazdan, şeýle gajetlere bolan isleg ýokarlanmagyny dowam etdirýär diýip, 3dnews.ru belleýär.

Aprel aýyndan iýun aýy aralygynda akylly sagatlaryň global iberilişi geçen ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende 13% ýokarlandy. Analitikler oňyn dinamika ýakyn geljekde dowam eder diýip çaklaýarlar.
Pudagyň iň uly oýunçysy, takmynan, 29,3% paý bilen Apple bolmagynda galýar. Deňeşdirmek üçin: bir ýyl ozal bu kompaniýa akylly sagatlaryň global bazarynyň 30,6%-ini eýeleýärdi. Ikinji orunda 2021-nji ýylyň ikinji çärýegindäki 7,4%-e garşy 9,2% netije bilen Samsung ýerleşýär. Üçlügi netijesi 9,0%-den 6,8%-e çenli peselen Huawei jemleýär.

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......