Stambul iýulda 1,76 mln syýahatçyny kabul edip, rekord goýdy

  • 28.08.2022 08:56
  • 7.8k+

Türkiýäniň esasy şäherine – Stambula gelýän syýahatçylaryň sany on ýylyň içinde iň ýokary derejesine ýetip, görlüp-eşidilmedik rekordy goýdy. Şeýle maglumatlar resmi statistikada görkezilýär. Gürrüň iýul aýynyň görkezijileri barada bolup, bu döwürde Türkiýäniň “medeni paýtagtyna” 1,76 mln daşary ýurtly syýahatçy bardy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş 56% boldy diýip, tourprom.ru belleýär.

Resmi statistika görä, ilkinji ýedi aýda ähli daşary ýurtly syýahatçylaryň 40%-den gowragy ýa-da Türkiýäniň kabul eden 23 million syýahatçysynyň 8,5 milliony Stambulyň paýyna düşdi. Şol bir wagtyň özünde, germaniýaly we britaniýaly syýahatçylaryň sany artdy. Ýagny, Stambula gelýän syýahatçylaryň sany boýunça reýtingiň birinji ornuny Germaniýa, ikinji ornuny Russiýa, üçünji ornuny bolsa ABŞ eýeleýär, Antalýada üçünji orunda Angliýa ýerleşýär.
Has takygy, Stambula 142 müň germaniýaly, 133 müň russiýaly we 97 müň amerikaly syýahatçy geldi. Dördünji orunda 95 müňe golaý syýahatçy bilen Eýran ýerleşýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkiýä barmak boýunça birinji orny germaniýalylar – 2,99 mln, ikinji orny russiýalylar – 2,2 mln eýeleýär.


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......