PetroChina-nyň ýarymýyllyk arassa girdejisi 1,6 esse ýokarlandy

  • 26.08.2022 22:32
  • 3.4k+

2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň iň uly nebitgaz kompaniýasy bolan PetroChina nebitiň we gazyň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde arassa girdejisini 1,6 esse, girdejisini 1,3 esse ýokarlandyrdy. Ýanwar – iýun aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 53,04 mlrd ýuana garşy 82,39 mlrd ýuan ($12 mlrd) boldy diýlip, hasabatda aýdylýar. Muny interfax.ru ýetirýär.

PetroChina-nyň girdejisi bir ýyl ozalky 1,2 trln ýuandan 1,61 trln ýuana çenli ýokarlandy. Kompaniýanyň nebit we gaz önümçiliginiň umumy göwrümi birinji ýarymýyllykda 3,1% ýokarlanyp, 845 mln barrel nebit ekwiwalentine deň boldy. Nebit önümçiligi 2% - 451,9 mln barrele çenli, tebigy gaz önümçiligi 4,4% - 2,358 trln kub futa çenli ýokarlandy.
Ýanwar – iýun aýlarynda nebiti we gazy agtarmak we gazyp almak ugrunda girdeji 43% ýokarlanyp, 447,35 mlrd ýuan boldy. Nebitiň ortaça satuw bahasy bir barrel üçin $94,65 boldy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 59,2% ýokarydyr.
Nebiti gaýtadan işleýiş we nebithimiýa ugrunda girdeji 27% ýokarlanyp, 583,852 mlrd ýuana ýetdi.
Birinji ýarymýyllykda kompaniýanyň maýa goýumlary 25%, 92,31 mlrd ýuana çenli ýokarlandy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri PetroChina-nyň paýnamalary 12% gymmatlady.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.8k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....