Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar

  • 26.08.2022 09:51
  • 15k+

Hytaýyň Haýnan prowinsiýasynyň häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli däp bolan benzin ýa-da dizel hereketlendirijileri bilen işleýän awtoulaglaryň satuwyny dolulygyna gadagan etmekçi bolýar. Bu baradaky maglumaty autonews.ru paýlaşýar.

“Sinhua” agentliginiň maglumatlaryna görä, eýýäm 2025-nji ýyla çenli döwlet ulaglarynyň ählisi, şol sanda ýük ulaglary we awtobuslar elektrikleşdiriler. Ýene bäş ýyldan bolsa içinden otlanylýan hereketlendirijisi bolan ulaglaryň satuwy gadagan ediler, üstesine, şeýle görnüşli awtoulaglaryň hereketi üçin aýgytly çäklendirmeler giriziler.
Häzirki wagtda Haýnan Hytaýyň benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglardan el çekmek barada meýilnamalaryny mälim eden ilkinji prowinsiýasy boldy. Şeýle-de bolsa, ýakyn wagtda ýurduň beýleki sebitleriniň hem Haýnanyň yzyna eýermegi ähtimal.
Ýeri gelende, hytaýly awtomobil öndürijileriň içinden otlanylýan hereketlendirijilerden el çekmek meýilnamasyny goldaýandyklaryny aýtmak gerek. Meselem, “BYD” kompaniýasy eýýäm şeýle görnüşli ulaglary goýbermegi bes etdi. “Great Wall Motor” maşgalasyna girýän “Haval” markasy hem 2030-njy ýyla çenli içinden otlanylýan hereketlendirijili awtoulaglary öndürmekden dolulygyna saklanar.


28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......

22.05.2026 14:33
6.2k+

Hytaý dünýä çempionatyny görkezmek hukugyny FIFA-nyň isläninden 5 esse arzan satyn aldy

Hytaý döwlet teleradiokompaniýasy (CCTV) 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) bilen ylalaşyk gazandy. «Hong Kong 01» neşiriniň CCTV-niň......

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....