Şweýsariýada 91 ýylda buzluklaryň ýarysyndan gowragy eredi

  • 24.08.2022 19:26
  • 20k+

Şweýsariýada 1931-nji ýyldan bäri 1,4 müň buzlugyň ýarysyndan gowragy eredi we olaryň ereme tizligi barha ýokarlanýar. Bu barada Şweýsariýadaky institutlaryň bilelikdäki gözlegine salgylanyp, Associated Press hahar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Şweýsariýadaky Sýurihiň ýokary tehniki mekdebi Şweýsariýanyň tokaý, gar we landşaft boýunça federal ylmy-barlag instituty bilen bilelikde 20-nji asyrda ýurtda buzuň ýitmegi bilen bagly gözlegiň netijelerini neşir etdi, bu gözleg az-kem 1931-nji ýyldan bäri buzluklaryň topografiýasyndaky üýtgeşmeleriň seljermesine esaslanýar.
Alymlar 1931-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda buzluklardaky buzuň göwrüminiň ýarysyndan, ondan soňky alty ýylda bolsa ýene 12% azalandygyny habar berýärler. Gözleg wagtynda topar meýdan ölçeglerini, aerofotosuratlary we dag depeleriniň suratlaryny, şol sanda iki jahan urşunyň arasyndaky piklerden alnan 22 müň töweregi suraty ulandy. Alymlar suratdaky ýerleriň görnüşini we ýagdaýyny deňeşdirdiler.
Şeýle-de, alymlar 1920-nji we 1980-nji ýyllarda buzluk massasynyň artandygyny, ýöne oňa ereme tendensiýasynyň täsir edendigini anykladylar.
Ýatlap geçsek, Şweýsariýanyň çäginde Ýewropanyň Alp daglaryndaky ähli buzluklaryň tas ýarysy ýerleşýär. Buzluklaryň ählisi deň derejede eremeýär: muňa deňiz derejesinden beýiklik we buzluklardaky zyňyndylar ýaly birnäçe faktorlar täsir edýär.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.8k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......