Türkiýä 7 aýyň dowamynda 23 milliondan gowrak daşary ýurtly bardy

  • 23.08.2022 16:36
  • 12k+

2022-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Türkiýä baran daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 128,28% artyp, 23 030 209 adama barabar boldy. Bu Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan neşir edilen maglumatlardan gelip çykýar diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Türkiýä baran raýatlaryň sany boýunça 2 992 551 adam bilen Germaniýa öňde barýar. Bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 137,36% köpdür.
Onuň yzyndan 41,36% ösüş bilen (2 197 331 adam) Russiýa gelýär. Üçünji orny Beýik Britaniýa eýeleýär. Onuň Türkiýä syýahatçylyk akymynda paýy 2036,01 göterim artdy (1 810 248 adam). Bäşlige Bolgariýa bilen Eýranam girdi.
2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkiýe 6 665 129 daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 52,84 göterim ýokarydyr.
Bu reýtingde-de birinji orunda 962 müňden gowrak adam bilen Germaniýa ýerleşýär. Ikinji orny Russiýa (741 419 adam), üçünji orny Beýik Britaniýa (545 973 adam) eýeleýär. Soňra Niderlandlar we Bolgariýa gelýär.


düýn 09:50
3.9k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......