Xiaomi rekord goýýar: MIUI-niň ulanyjylary 547 mln-a ýetdi

  • 23.08.2022 13:41
  • 7.7k+

Golaýda Xiaomi kompaniýasy 2022-nji ýylyň ikinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny çap etdi. Şol ýerde beýleki görkezilen maglumatlaryň arasynda MIUI-niň daş görnüşi boýunça gyzykly sanlar getirilýär.

Xiaomi-niň habar bermegine görä, ýylyň ikinji çärýeginde her aýdaky işjeň ulanyjylaryň umumy sany 547 milliona ýetmek bilen üstünlikli rekord goýdy. Hasabat maglumatynda, diňe bir Hytaýyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ulanyjylary göz öňünde tutulýar.
Eger diňe Hytaý göz öňünde tutulsa, onda iýulda her aýky işjeň ulanyjylaryň sany 140,2 mln-a ýetdi, bu hem täze rekord sepgididir. Ikinji çärýegiň dowamynda MIUI-niň dünýä boýunça 17,8 mln täze ulanyjysy, Hytaýda bolsa 4,6 mln ulanyjy bellige alyndy.
2021-nji ýylyň noýabrynda Xiaomi MIUI-niň ulanyjylarynyň sanynyň dünýä boýunça 500 milliondan agandygyny mälim edendigini ýatladýarys.
MIUI-niň resmi debýuty 2010-njy ýylyň tomsunda, awgust aýynda bolupdy. MIUI-niň taryhy beta-synagyň ýüzläp ulanyjylaryndan başlanypdy. Bäş ýyldanam, ýagny 2015-nji ýylda ulanyjylaryň sany 100 milliondan geçipdi. Soň ösüşiň depgini artdy. 2018-nji ýylda kompaniýa eýýäm 200 million, 2019-njy ýylda bolsa 300 million ulanyjy barada hasabat berdi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndaky ýagdaý boýunça MIUI-niň ulanyjylarynyň sany dünýä boýunça 400 milliondan geçdi.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...