Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänlere Prezidentiň adyndan süýjülik sowgatlary gowşuryldy

  • 22.08.2022 08:13
  • 15k+

20-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow şol gün säher bilen döwlet Baştutanyndan harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky tabşyrygy alanlarynda, bu ýerde ösdürilip ýetişdirilen önümlerden gowşuryljak süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara geçirmek barada görkezme berlendigini aýtdy. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz azyk we gök, miwe önümlerini Döwletliler köşgüniň şu günler Gökderedäki “Altyn damja” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan çagalaryna gowşuryljakdygyny mälim etdi.
Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalar süýjülik dadymlygyny şatlyk bilen kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.3k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......