Gurbanguly Berdimuhamedow we G.Mämmedowa Hojalyk müdiriýetiniň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşdy

  • 22.08.2022 08:11
  • 49k+

20-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde täze binalar toplumynyň toý bagyny kesdi hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan binalar toplumyna girdi. Bu ýerde harby gullukçylaryň ýokary derejeli gullugy we oňaýly dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ç.Amanow toplumyň çäginde gurlan binalar, olarda döredilen mümkinçilikler barada hasabat berdi hem-de harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana, esgerleriň ýatakhanasy, olardaky şertler we beýleki ugurdaş desgalaryň aýratynlyklary, harby gullukçylaryň ýerine ýetirýän hojalyk işleriniň ugurlary bilen tanyşdyrdy.
150 orunlyk naharhanada ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhananyň we aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de arassaçylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar üçin taýýarlanylýan tagamlaryň ýokumlylyk derejesi we görnüşleri bilen gyzyklandylar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna taýýarlanylan tagamlar görkezildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň gulluk şertleri, isleg-arzuwlary hem-de boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary bilen gyzyklandylar. Serhetçiler ýakyn geljekde ele almagy arzuw edýän hünärleri barada gürrüň berdiler. 
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy toplumyň çäginde Hojalyk müdiriýetiniň harby gullukçylarynyň ösdürip ýetişdiren gök, bakja, miwe, ir-iýmiş we azyk önümleriniň dürli görnüşlerinden ybarat bolan sergini synladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz Hojalyk müdiriýetiniň ýolbaşçysyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......