Ýaponiýanyň premýer-ministri Kisida koronawirus bilen keselledi

  • 21.08.2022 20:07
  • 10k+

Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida koronawirus bilen keselledi diýip, hökümet baştutanynyň kanselýariýasy habar berdi. 65 ýaşly premýer-ministr şu gün kowid üçin položitel barlag tabşyrdy. Häzirki wagtda ol Tokiodaky rezidensiýasynda bolýar diýip, TASS habar berýär.

NHK teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, şenbe güni agşam Kisidada keseliň alamatlary – birneme gyzdyrma we üsgülewük ýüze çykyp başlady.
Şu hepdäniň ikinji ýarymynda Ýaponiýanyň premýer-ministri ýurtda bellenilýän merhumlary ýatlamagyň baýramy bolan Obon mynasybetli birnäçe gün dynç aldy. Ol rugsady Sudzuoka prefekturasynda maşgalasy bilen geçirdi. Anna güni agşam Kisida Tokio gaýdyp geldi.
12-nji awgustda Kisida dördünji gezek koronawirusa garşy sanjym aldy. Ýaponiýada kowide garşy serişdäniň dördünji dozasy häzir diňe garry adamlar üçin elýeterlidir.
Indiki hepde, 27-nji awgustda Kisida Afrika ösüşi boýunça Tokionyň halkara konferensiýasyna (TICAD) gatnaşmalydy.


02.02.2026 15:57
3.3k+

Ýapon alymlary Nipah wirusyna garşy sanjym döretdi: ol aprelde adamlarda synag ediler

Tokio uniwersitetiniň Ösen ylym we tehnologiýa gözleg merkeziniň hünärmenleri Nipah wirusyna garşy sanjym işläp taýýarlady. Nikkei gazetiniň habar bermegine görä, aprel aýynda sanjymyň adamlardaky synagynyň birinji tapgyry başlanar...

19.11.2025 13:53
4.3k+

Ýaponiýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar...

23.05.2025 12:05
2.2k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.8k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...