Tencent internet ägirdi 2004-nji ýyldan bäri çärýek girdejisini iň ýokary derejede azaltdy

  • 18.08.2022 23:27
  • 2.5k+

2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde Hytaýyň internet ägirdi Tencent Holdings Ltd. arassa girdejisini 56% azaltdy, bu bolsa 2004-nji ýylda Gonkongyň fond biržasynda paýnamalaryň ýerleşdirilen pursatyndan bäri görkezijiniň iň uly pese gaçyşy boldy diýip, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň arassa girdejisi aprel-iýun aýlarynda bir ýyl ozalky 42,59 mlrd ýuana garşy 18,62 mlrd ýuan ($2,74 mlrd) boldy.
Geçen çärýek Tencent-iň girdejisi 3% azalyp, 134,03 mlrd ýuan boldy.
Oýunlar segmentinde görkeziji 0,5% - 71,68 mlrd ýuana çenli peseldi, maliýe-tehnologiýa we biznes hyzmatlary segmentinde bolsa 0,8% ýokarlanyp, 42,21 mlrd ýuana ýetdi. Onlaýn mahabatdan gelýän girdeji 18% azalyp, 18,64 mlrd ýuan boldy.
2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy 31,6% azaldy, bu döwürde Hang Seng fond indeksi 14,6% ýitirdi.

düýn 20:25
2.3k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......