Braziliýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmak üçin 12 dalaşgär resminama tabşyrdy

  • 17.08.2022 17:25
  • 6.1k+

Braziliýanyň ýokary saýlaw kazyýeti (TSE) duşenbe güni oktýabr aýynda geçiriljek ählumumy saýlawlarda ýurduň prezidentiniň wezipesine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmekligi tamamlady. Pudagyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu wezipä 12 dalaşgär hödürlendi diýip, TASS ýazýar.

Internet arkaly talap hatlaryny kabul etmek duşenbe güni sagat 08.00-da (17:00) tamamlandy, resminamalary elden we elektron görnüşde sagat 19:00-a (16-njy awgust 04:00) çenli tabşyrmaga rugsat berildi. TSE dalaşgärleriň talap hatlaryna we degişli resminamalaryna seretmeli hem-de 12-nji sentýabrdan gijä galman, olaryň saýlawlara gatnaşyp bilmek mümkinçilikleri babatynda gutarnykly çözgüt çykarmaly.
Ýokary döwlet wezipesi üçin esasy bäsdeşlik Liberal partiýadan hödürlenen, 67 ýaşly konserwator Žair Bolsonaru (ony goldamaklyga «Progressçiler» bilen «Respublikançylar» partiýalary hem goşuldylar) bilen Zähmetkeşler partiýasynyň (RT) baştutany, ýurda 2003-2010-njy ýyllarda prezidentlik eden, 76 ýaşly Luis Inasiu Lula da Silwanyň arasynda ýaýbaňlanmagyna garaşylýar. Ony RT-dan hem başga, çepçi radikallardan başlap sagçy merkezçilere çenli birgiden jemgyýetçilik-syýasy hereketler hem goldaýarlar.

Soňky pikir soraşmalara görä, Lula da Silwanyň ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi has ýokary, oňa respondentleriň 45%-i ses bermäge taýýar. Döwletiň häzirki baştutany ondan 11 p.p. yza galýar, onuň yzyndan üçünji bolup 8% goldaw bilen çepçi merkezçi Siru Gomes gelýär. 
Braziliýada nobatdaky ählumumy saýlawy 2-nji oktýabrda geçirmek bellendi. Onda prezident, mejlisiň deputatlary we senatorlaryň üçden bir bölegi saýlanar. Ikinji tapgyr (zerur bolanda) 30-njy sentýabrda geçer.


08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

03.04.2026 14:35
1.5k+

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......