Gonkongda ilat rekord derejede azaldy

  • 15.08.2022 11:24
  • 18k+

Hytaýyň Gonkong administratiw sebitinde ilatyň iň uly azalmasy hasaba alynýar diýip, CNN habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär.

Gonkongyň ilat ýazuwy we statistika departamentiniň maglumatlaryna görä, bir ýylda ilat 120 müň adam ýa-da 1,6% azaldy we häzir 7,29 mln adama barabar. Bu 1961-nji ýylda şeýle statistikanyň ýygnalyp başlanandan bäri ilatyň iň uly azalmasydyr.
Departamentiň habarynda munuň ilatyň tebigy azalmagy (bir ýylda doglanlaryň sanyndan ölüm köp boldy) hem-de gelenlerden giden ýaşaýjylaryň köp bolmagy bilen baglanyşyklydygy aýdylýar. Bir ýylda, 2021-nji ýylyň ortalaryndan 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli Gonkongda 61,6 müň adam aradan çykdy, doglanlaryň sany bary-ýogy 35,1 müň boldy. Şol döwürde sebitden 95 müň adam gitdi, 18,3 müň adam geldi.
Edara soňky bäş ýylda sebitde dogluş derejesiniň hem yzygiderli pese gaçandygyny belleýär: 2016-njy ýylda Gonkongda 59,5 müň çaga doguldy, häzirki ýylda doglanlaryň sany tas 25 müň çaga az boldy. Şol bir wagtyň özünde bu döwürde ýyllyk ölüm sany yzygiderli artdy: 45,4 müňden 61,6 müňe çenli.
Hünärmenler soňky iki ýylda dogluş derejesiniň peselmegini we ölüm derejesiniň ýokarlanmagyny COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşdyrýarlar. Olar köp adamlaryň berk pandemiýa çäklendirmeleri döwründe bu ýerde galmak islemeýändikleri sebäpli sebitden gitmegini hem hut şonuň bilen baglanyşdyrdylar. 

şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......