«Sputnik V» Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy

  • 15.08.2022 11:30
  • 10k+

COVID-19-a garşy iki komponentli sanjym “Sputnik V” Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy. Bu barada Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň baş müdiri Kirill Dmitriýew habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

“Hasaba alnandan bäri geçen iki ýylda “Sputnik V” sanjymy Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy we özüni doly esasda dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek üçin iň täsirli we howpsuz gurallaryň biri hökmünde görkezdi” – diýip, gaznanyň metbugat gullugy Dmitriýewiň sözlerini getirýär. 

Onuň aýtmagyna görä, derman serişdesiniň howpsuzlygyny 50-den gowrak kliniki synaglaryň netijeleri we Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy ýaly dünýäniň dürli sebitlerinde milli sanjym programmasynyň çäklerinde “Sputnik V-niň” ulanylyşy baradaky maglumatlar tassyklaýar.

“Derman serişdesiniň köpçülikleýin önümçiligini üpjün etmek üçin Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň tagallalary bilen taryhda ilkinji gezek önümçilik hyzmatdaşlarynyň halkara ulgamy döredildi hem-de 18 ýurtdaky 27 meýdançada rus sanjymynyň önümçiligi lokallaşdyryldy” – diýip, Dmitriýew habar berdi.

Ol gaznanyň başlangyjy bilen bir komponentli “Sputnik Laýt” sanjymynyň hem işlenip taýýarlanandygyny ýatlap geçdi.
Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy “Sputnik V” we “Sputnik Laýt” sanjymlaryny işläp taýýarlamakda we öndürmekde esasy maýadardyr. “Sputnik V” umumy ilaty 4 milliarddan gowrak bolan 71 döwletde, “Sputnik Laýt” 30-dan gowrak döwletde ulanmak üçin tassyklandy. 


22.08.2025 15:19
5.5k+

Dişleriň sagdyn bolmagy üçin: Russiýada düzüminde probiotikler bolan sakgyç döredildi

Seçenow uniwersitetiniň hünärmenleri probiotiklerden we prebiotiklerden düzülen çeýnelýän sakgyç döretdiler. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze önüme «Reteriks» diýlip at berildi. Onuň maksady – kariýesiň, gingiwitiň we beýleki stomatologik keselleriň töwekgelçiligini azaltmakdyr...

22.08.2025 08:21
4.8k+

Russiýaly alymlar pnewmoniýany we meningiti oýaryjyny dargadýan wirusy tapdylar

Sibir Ylymlar akademiýasynyň (SO RAN) Himiýa-biologiýa we fundamental lukmançylyk institutynyň hünärmenleri pnewmoniýa, meningit, sepsis döredýän we köplenç hassahanalarda giňden duş gelýän howply bakteriýany ýok edip bilýän täze wirus-bakteriofagy açdylar diýip, «Nauka v Sibiri» neşiri habar berýär...

08.07.2025 10:34
3.1k+

Astrahanda hroniki ýaralary, başlary we ýanyklary bitirmek üçin täze gel döredildi

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy barlagçylary hroniki ýaralaryň bitmegini tizleşdirýän geli döretdi. Täze serişde zeper ýeten ýerlerde ganyň aýlanmagyny gowulandyrmak arkaly täsir edýär. Bu bolsa bitmeýän ýaralary, ýanyklary we ýatmakdan hamyň ölen ýerlerini bejermekde möhüm ähmiýete eýedir...

30.05.2025 16:54
5.5k+

Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi

Russiýada glaukomany hirurgiki bejermek üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) prezidenti Gennadiý Krasnikow 28-30-njy maý aralygynda Moskwada geçirilýän RYA-nyň umumy ýygnagynda mälim etdi...