Türkmenistan we Özbegistan özara ulag gatnawlaryny ýeňilleşdirýär

  • 12.08.2022 12:08
  • 23k+

Türkmenistan we Özbegistan ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini alyp maslahatlaşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar awtoulaglar arkaly ýükleriň daşalyşyny dolulygyna dikeltmäge we ýük daşamak boýunça talaplary ýönekeýleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Metbugat gullugyna salgylap, “Sputnik” agentliginiň berýän habaryna görä, taraplar ulag geçelgelerini ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, demir ýol infrastrukturasyny kämilleşdirmek we iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin arzanladyşlary hödürlemek hakynda karara geldiler.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.9k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......