Özbegistan Türkmenistana ýükleri daşamak boýunça bilelikdäki kärhanany döretmegi teklip edýär

  • 10.08.2022 08:14
  • 20k+

Özbegistan Türkmenistan we Pakistan bilen awtoulaglarda ýükleri daşamak üçin bilelikdäki ulag kompaniýalaryny döretmegi teklip edýär. Bu barada Yuz.uza salgylanyp, ORIENT habar berýär. 

Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 9-njy awgustda ýörite maslahat geçirip, ýurduň ýolbaşçylary bilen halkara ulag geçelgelerini ösdürmek barada pikir alyşdy we eksport harytlaryny daşarky bazarlara, şol sanda Ýewropa ibermek üçin has amatly ugurlaryň üstünde işlemek boýunça wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan we Pakistan bilen awtoulaglarda ýükleri daşamak üçin bilelikdäki ulag kompaniýalaryny döretmek teklibi öňe sürüldi. 
Ýeri gelende bellesek, Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň oktýabrynda Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň geçirilen Türkmen-özbek ykdysady forumynda Türkmenistanda awtoulaglaryň, oba hojalyk we tirkeg tehnikalarynyň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, «Turkmenistan-Motors» we «Uzawtosanoat» kompaniýalarynyň arasynda degişli Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnamanyň çäklerinde geljekde
«Turkmenistan-Motors» kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlygynda «UzAuto Motors» kompaniýasynyň awtoulag boýunça önümçiligini ýola goýmak babatda Ylalaşyk baglaşmak meýilleşdirilýär.
Kompaniýa ilkinji ýylda 10 müň sany oba hojalyk tehnikasyny we tirkeg öndürmegi meýilleşdirýär, 4-5 ýylyň dowamynda bolsa önümçiligini ýylda 50 müňe çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
13k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......