Stress bilen göreşmegiň ylym taýdan tassyklanan adaty bolmadyk usullary

  • 08.08.2022 19:09
  • 17k+

Köp adamlar ýokary derejeli stress we birahatlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Köplenç, dartgynlylygy aradan aýyrmak üçin gowy uky we fiziki maşklar maslahat berilýär. Şeýle-de, dartgynly ýagdaýy ýeňilleşdirmäge netijeliligi alymlar tarapyndan tassyklanan üç usul kömek edip biler. Bu barada incrussia.ru belleýär.

Güýçli duýgular. Haçan-da adam stress ýagdaýynda bolanda, aň birahatlygy güýçlendirýän zatlara ünsi jemleýär. Şonda diňe bir filme tomaşa etmekden ýa-da wideo oýun oýnamakdan başga ýol bilen hem ünsüňi sowup bolar. 
Şeffild uniwersitetinden psihologiýa professory Tomas Uebbiň ýolbaşçylygyndaky britaniýaly alymlaryň topary güýçli sensor gyjyndyrmasynyň beýnini erkiňe goýmaýan aladalardan sowmaga kömek edýändigini tassyklady. Ajy burçy dişlemek ýa-da bir dilim limony agzyňyza salmak bilen, siz beýniňizi täzeden işe girişmäge mejbur edersiňiz.
Fraktallar. Fraktallar – bu barha kiçelýän möçberde gaýtalanýan nagyşlardyr. Şeýle çylşyrymly nagyşlar, köplenç, tebigatda duş gelýär we olara seretmek beýniniň rahatlanmagyna kömek edýär. Fizika professory Riçard Teýloryň gözlegi seýilgähe gezelenç etmäge gitmegiň hökman däldigini görkezdi. Şeýle nagyşly islendik şekili, şol sanda kompýuterde döredilenleri görmek “gaýtadan ýüklenmäge” kömek edýär. 
Pallamaga synanyşyň. Siz stressi ýa-da birahatlygy başdan geçireniňizde beýniniň temperaturasy ýokarlanýar. Pallamak ony sowatmaga kömek edýär.
Prinston uniwersitetinden ewolýusiýa biology Endrýu Gellapyň ýolbaşçylygynda geçirilen gözleg stressiň käbir görnüşlerinde pallamaklygyň tebigy usulda ýüze çykýandygyny görkezdi. Eger siz howsalaly bolup, ýeňillige mätäç bolsaňyz, pallamaga synanyşyň. 


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......