Instagram 9:16 formatdaky suratlary synagdan geçirip başlar

  • 07.08.2022 18:23
  • 5.3k+

Uly blogerlerde nägilelik döredip, Instagram ýakynda täze algoritmden we platformany TikTok-a meňzeş etjek redizaýndan ýüz öwürmeli boldy. Şeýle-de bolsa, serwis üýtgeşmesiz oňmak islemeýär.

Geljek iki hepdede Instagram 9:16 formatdaky suratlary synagdan geçirip başlar diýip, The Verge habar berýär. incrussia.ru saýtynyň bellemegine görä, bu barada serwisiň baş müdiri Adam Mosseri Ask Me Anything hepdelik sessiýasynda aýtdy. Häzirlikçe Instagram suratlar üçin 4:5 formaty göterýär.
Taraplaryň 9:16 gatnaşygy diňe gysga wideolar – serwis tarapyndan uly üns berilýän Reels üçin elýeterlidir. 

“Siziň 9:16 formatly wideolaryňyz bolup biler, ýöne şeýle suratlary Instagram-da ýerleşdirmek mümkin däldir. Şonuň üçin biz funksionaly giňeltmek kararyna geldik” – diýip, Mosseri düşündirdi.


09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
928

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....