Windows 11 täzelenen dizaýna eýe bolar

  • 07.08.2022 17:43
  • 5.2k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11-de işi tamamlamagyň gepleşik penjiresiniň täze dizaýnyny synagdan geçirýär diýip, Windows Latest portaly habar berýär. Bu barada gazeta.ru belleýär.

Microsoft-yň operasion sistemalarynyň has köne wersiýalaryndan tapawutlylykda, Windows 11 henizem doly işlemek tapgyryndadyr. Kompaniýa täze funksiýalary goşmagy dowam etdirýär, ýöne ulgam häli-häzire çenli bitewi dizaýn koduna eýe bolmady.  
Microsoft eýýäm Windows 8-den bäri üýtgemedik “Kömegi bilen açmak” gepleşik penjiresini täzeden işledi we indi Alt+F4 basylanda peýda bolýan işi tamamlamak penjiresi üçin täze dizaýny göz öňünde tutýar.
Neşir edilen ekran suratyna görä, Microsoft täze penjireden Windows logotipini we kompýuteriň şekilini aýyrar. Işi tamamlamak penjiresiniň täzeden işlenen interfeýsi ýönekeý daşky keşbe eýe bolar we ulgam reňklerini ulanar.
Işi tamamlamagyň täzelenen gepleşik penjiresi Windows 11-de 25174 ýygnama belgisi bilen görkezildi. Geljekde täze OS-yň döwrebap dizaýn diline laýyk gelmegi üçin düwmeleriň we aşak düşýän menýunyň hem üýtgedilmegine garaşylýar.


23.02.2026 13:14
1.2k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...