6-7-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek halkara sergä we maslahata 120-ä golaý kompaniýa gatnaşar

  • 05.08.2022 08:07
  • 12k+

Ozal habar berşimiz ýaly, 6-7-nji awgustda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklaryna bagyşlanan halkara sergi we maslahat geçiriler. Halkara sergä ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, hususy kärhanalarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň 120-ä golaýy gatnaşar. Bu forumlar Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.

6-njy awgustda irden «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara serginiň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň dabaraly açylyşy bolar. Sergide gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda, himiýa senagatynda, ýol gurluşygynda gazanylýan üstünlikler barada maglumat berýän diwarlyklar görkeziler.
Utgaşykly görnüşde geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat iki günläp dowam eder. Onda ýurdumyzyň degişli pudaklarda ýeten sepgitlerini, öňdebaryjy tejribesini beýan edýän çykyşlara giň orun berler. Maslahatda ýurdumyzyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, bu ugurlarda öňdebaryjy tejribeleri öňe sürýän halkara bilermenler hem çykyş ederler.


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......