Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy

  • 02.08.2022 07:05
  • 18k+

Apple kompaniýasy Luiji Taraborrellini hakyna tutdy, ol öň 20 ýyldan gowrak wagt Lamborghini-niň esasy top-menejerleriniň biri bolupdyr we Urus, Huracan, Aventador we ş.m. awtoulaglary döretmegiň üstünde işläpdir.

Automotive News Europe-niň habar bermegine görä, bu Apple-iň öz hususy ulagyny işläp taýýarlamagyň üstünde işjeň işleýändigine şaýatlyk edýär.  IT ägirdine şassini, dest dolandyryşyny, tormozlary we awtoulagyň beýleki böleklerini döretmäge we sazlamaga hut Luiji Taraborrelli kömek bermeli.
Apple-de däp bolşy ýaly, awtoulagyň döredilişiniň geljegi hakynda gürrüň bermekden boýun gaçyrýarlar. Şeýle hem bolsa, öň kompaniýa Ford-yň, BMW-niň, Tesla-nyň, Porsche-niň, Aston Martin-iň we beýleki awtoulag konsernleriniň birnäçe tejribeli inženerlerini hakyna tutupdy.
Apple-iň birinji awtoulagy 2025-nji ýylda görkeziler diýip garaşylýar. Megerm, ol ýolda özbaşdak hereket edip bilýän awtopilot ulgamly ulag bolsa gerek.


10.06.2026 11:18
5.3k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......