Jo Baýdeniň koronawirusa tabşyran testi ýene-de položitel çykdy

  • 31.07.2022 15:08
  • 17k+

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň koronawirus barlagy ýene-de položitel netije görkezdi. Baýden ýene-de uzak aralykdan işlemek düzgünine dolanyp gelýär diýip, onuň bejergi berýän lukmany Kewin O'Konnor habar berdi.

«Sişenbe güni agşam, çarşenbe, penşenbe we anna günleri irden tabşyrylan otrisatel testlerden soň, şenbe güni irden alnan netijeler položitel çykdy» - diýip, lukman habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Baýdende keseliň mese-mälim alamatlary ýok, ol özüni «ýeterlik derejede oňat duýýar» diýip, O'Konnor belledi.
Geçen hepdede ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň COVID-19 koronawirusyna barlag üçin tabşyran testiniň netijesiniň položitel çykandygy barada habar beripdik.


düýn 19:41
3.5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

28.05.2026 19:35
6.9k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......

11.05.2026 23:10
3.3k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....