Mask Twittere garşylyklaýyn arza berdi

  • 31.07.2022 00:02
  • 11k+

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Twitter kompaniýasyna garşy arzasyny mälim etdi. Ozal Twitteriň ýolbaşçylary milliarderiň sosial tory satyn almak boýunça 44 milliardlyk geleşigi tamamlamagyny gazanmak üçin ony kazyýete beripdi. Bu barada CNBC habar berýär.

Mask näbelli sebäbe görä kazyýetden garşylyklaýyn talap arzasynyň jikme-jikliklerini gizlin saklamagy haýyş etdi diýip, teleýaýlym belleýär. Twitter iýulda goşulyşmak hakyndaky ylalaşygy bozandygy üçin Masky kazyýete beripdi. 
25-nji aprelde Mask bilen Twitteriň ýolbaşçylary milliardere sosial tory 44 mlrd dollara satmak barada ylalaşyk gazandylar. Ýöne maýyň ortasynda işewür, tä Twitter sosial toruň ulanyjylarynyň arasynda feýk akkauntlaryň paýy hakyndaky ýagdaýy aýdyňlaşdyrýança,  geleşigiň mundan aňry süýşmejekdigini aýtdy.
8-nji iýulda Mask, ylalaşygyň düzgünleriniň bozulýandygyna salgylanyp, satyn almak boýunça geleşikden ýüz öwürýändigini Twittere mälim etdi. Şonda Twitteriň ýolbaşçylary sosial toruň söwdasy boýunça geleşigiň tamamlanmagyny gazanmak üçin milliarderi kazyýete berdi. 
Delawer ştatynyň kansler kazyýeti Twitteriň Maska bildiren talap arzasyna 17-nji oktýabrda garap başlajakdygyny habar berdi. Garamaklyk bäş günüň içinde tamamlanmaly edildi. Maskyň hukukçylary talap arzasyna garalyşynyň çaltlaşdyrylmagyny bökdemäge synanyşdylar we kazyýet işi 2023-nji ýyldan bärde başlanmaly däl diýip aýak dirediler.  


15.02.2026 09:51
6.2k+

Dünýäniň iň baý adamy özüniň hususy "X Money" töleg ulgamyny tanyşdyrdy

Ilon Mask özüniň X (ozalky Twitter) sosial ulgamynyň bir bölegine öwrüljek X Money atly täze maliýe platformasyny hödürledi. Bu taslama telekeçiniň ozal hem aýdyp geçişi ýaly, ähli hyzmatlary özünde jemleýän "super-app" (super goşundy) döretmek strategiýasynyň iň möhüm bölegi hasaplanýar...

26.01.2026 10:10
761

ÝB-de X sosial torunyň ýerini tutup biljek täze platforma döredildi

Ýewropa guramalary W Social atly täze sosial tory işe girizdiler. Onda ähli ulanyjylaryň şahsyýeti resminamalar we fotosuratlar arkaly hökmany tertipde tassyklanylmak şerti hereket edýär.  Politiken neşiriniň habar bermegine görä, beýle ädim täze platformany botlardan we anonim hasaplardan goramak üçin gerek...

18.01.2026 16:13
6.5k+

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder

Kaliforniýanyň Oklend şäheriniň federal kazysy OpenAI we Microsoft kompaniýalarynyň Ilon Maskyň talap arzasyny ýatyrmak baradaky soňky synanyşygyny ret etdi. Bu karar kazyýet mejlisiniň başlanmagyna ýol açdy. Deslapky meýilnama boýunça, kazyýet işi 27-nji aprelde başlanmaly...

14.01.2026 09:39
3.9k+

Ilon Maskyň Grok çat-boty Gemini bilen birlikde Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok çat-boty ýanwar aýynyň ahyryna çenli Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler we edaranyň gulluk maglumatlaryndan başlap, aňtaw materiallaryna çenli ähli maglumatlaryna elýeterli bolar...