1-nji awgustdan Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi dynç alşa gidýär

  • 30.07.2022 23:47
  • 24k+

1-nji awgustdan başlap Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi ýurdumyzyň şypahanalarynyň islendiginde dynç alyp, saglyklaryny berkidip bilerler. Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Amannepesowa degişli sanawy düzmek barada görkezme berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany 1-nji awgustdan ähli ýolbaşçylaryň zähmet rugsadyna çykýandygyny, muňa garamazdan, birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini nygtady.

Hususan-da, 1-nji awgustda Awazada dynç alýanlar üçin gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy; 3-nji awgustda Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen «Ýüpek Ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenlerimizi sylaglamak dabarasy; 8-nji awgustda Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak täze köpriniň düýbüni tutmak dabarasy; 15-16-njy awgustda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahaty ýaly dürli görnüşli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda gurlan «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň 5-nji awgustda geçiriljek açylyş dabarasy we 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli guraljak maslahat hem bu çäreleriň üstüni ýetirer.

Şular barada giňişleýin durup geçip: “Görşüňiz ýaly, öňümizde köp sanly çäreler göz öňünde tutulan. Şoňa görä-de, hemmäňiz bu çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......