«Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagynda «Türkmenturba» zawody dörediler

  • 30.07.2022 08:31
  • 7.2k+

“Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmenturba” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, onuň binýadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagynda “Türkmenturba” zawodyny bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi. Bu baradaky degişli Karara 29-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň  “Türkmenturba” zawody üýtgedilip guralan “Türkmenturba” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi.
“Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenturba” zawodyny ähli emläkleri we maliýe borçnamalary bilen bilelikde “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine bellenen tertipde bermäge borçly edildi.


düýn 16:50
1.7k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
10k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 15:59
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......