Alymlar koronawirusyň ýüze çykan ojagy barada gürrüň berdiler

  • 28.07.2022 12:26
  • 52k+

Ölüm howply Covid-19 keseliniň tutaşan ojagy Hytaýyň Uhan şäherindäki deňiz önümleriniň we ýabany haýwanlaryň bazary bolupdyr. Halkara alymlar topary şu netijede saklanýar. Geçirilen iki sany uly barlagyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi. 

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, ýokançlyk adamlaryň arasynda wirusyň haýwandan adama iki sany garaşsyz ýagdaýda geçmegi netijesinde ýaýrapdyr.   
Haýwanlaryň ýokanç geçirýän görnüşlerine ýarganatlar, tilkiler we  bazarda satylýan beýleki janly süýdemdiriji haýwanlar degişlidir.
Şeýle-de, alymlar Uhanda Covid-19 bilen keselläp hassahana düşen ýüzlerçe adamlaryň içinden näme üçin diňe 50 töweregi adamyň bazar bilen göni we gytaklaýyn aragatnaşykdakylar bolandygyny düşündirdiler. Alymlaryň pikir edişine görä, adamlaryň köpüsi wirusy beýlekilere ýokuşdyrmak bilen, özleri onuň diňe ýeňil alamatlaryny duýan bolmaly. Agyr ýagdaýlary biri-biri bilen baglanyşdyrmak kyn düşüpdir.
2019-njy ýylda täze görnüşli koronawirusyň ýüze çykmagyna düşünmeklik täze pandemiýalaryň öňüni almakda aýgytly ähmiýete eýedir.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň 15-nji iýuldaky maglumatlaryna görä, ýokanjyň örç alan başky pursadyndan bäri 566 million töweregi adama kesel ýokuşdy. Covid-19 bilen kesellän 6 million 400 müň adam bolsa aradan çykdy.


30.01.2026 11:41
9.1k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...

26.01.2026 17:34
2.6k+

Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär...

21.01.2026 10:44
7.5k+

Alymlar parasetamolyň çagalarda autizm töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygy baradaky pikirleri ret etdiler

Halkara lukmanlar topary parasetamolyň çaganyň nerw ulgamynyň ösüşine täsiri baradaky ähli esasy kliniki barlaglary seljerdi. Ylmy gözleg bu derman serişdesini kabul etmegiň autizm, üns ýetmezçiliginiň bozulmasy (ADHD) ýa-da akyl taýdan ösüşde yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnama tapmady...

18.01.2026 19:37
4.2k+

Alymlar ýokary gan basyşy beýni sütüniniň işleýşi bilen baglanyşdyrýarlar

Alymlar beýni sütüniniň bir böleginiň ýokary gan basyşa we gipertoniýanyň güýçlenmegine täsir edip biljekdigini anykladylar. Munda gürrüň bedendäki awtomatik proseslere jogapkär bolan nerw toplumynyň lateral parafasial sebiti (LPA) hakynda barýar diýip, Daily Mail habar berýär...