Aston Martin täze logotipini görkezdi

  • 25.07.2022 19:27
  • 10k+

Aston Martin britan kompaniýasy öz täze logotipi bilen tanyşdyrdy. Bu kompaniýanyň hereket eden 109 ýylynyň içinde logo markasyny bary-ýogy sekizinji gezek täzeleýşidir (soňky gezek 2003-nji ýylda täzelenipdi).

Dogrusy, logotipe üýtgeşik bir täzelik girizilmedi. Ol öňküsi ýaly, ýokarky bölegi Aston Martin diýen ýazgyly ganatdan ybarat. Emma, britan kompaniýasynyň wekilleriniň aýdyşy ýaly, logotip indi öňküsine görä has döwrebap we täsin görünýär.  Logotipi döretmek işi bilen britaniýaly dizaýner Piter Sewill meşgullandy.

"Aston Martin ganatlarynyň täzelenmegi -  logotipleriň ösüşine zerur bolan nusgawy mysaldyr. Ujypsyzja, ýöne zerur düzedişler diňe bir daş keşbiň wajyplygyny saklaman, eýsem, geljekde täze tehnologiýalary, ýagdaýlary we goşundylary hem ulanmaga mümkinçilik berýär " - diýip, Piter Sewill nygtaýar. 

Britan markasynyň habarynda awtoulaglar üçin logotipleriň Birmingemdäki Vaughtons kompaniýasynda el güýji bilen taýýarlanar diýip aýdylýar. Kompaniýa 203 ýyldan bäri bar we öz wagtynda 1908-nji ýylda Londonda geçen Olimpiýa oýunlary üçin medallary taýýarlapdy.


19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

31.01.2026 09:10
4.8k+

Britaniýanyň awtoulag senagaty 1956-njy ýyldaky derejä çenli pese gaçdy

2025-nji ýylda Beýik Britaniýanyň awtoulag önümçiligi soňky 70 ýylyň içinde iň pes derejä düşdi. Bu çökgünlige iri öndürijä amala aşyrylan kiberhüjüm, zawodlaryň ýapylmagy we ABŞ-nyň täze gümrük paçlary sebäp boldy diýip, Bloomberg agentligi habar berýär...

21.01.2026 10:59
2.5k+

Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy

Land Rover kompaniýasy Britaniýanyň paýtagtynyň iň meşhur ýerlerine bagyşlanan Range Rover awtoulaglarynyň eksklýuziw tapgyryny tanyşdyrdy. Bu täze seriýanyň ilkinji wekilleri bolan Range Rover Evoque Hoxton we Range Rover Velar Belgravia ýazyň ahyrynda satuwa çykarylar...

02.06.2025 13:34
5.5k+

Porsche gyssagly ýagdaýda we düşündiriş bermezden Beýik Britaniýada Taycan modelini satuwdan aýyrdy

Porsche Beýik Britaniýada 2019-2023-nji ýyllarda çykan Taycan-yň ähli ulanylan modelleriniň satuwyny togtatdy. Dilerler öndürijiniň ulagyň haýal etmän satuwdan aýrylmagy barada gyssagly buýruk berendigini aýtdy...