Amazon 3,9 mlrd dollara One Medical lukmançylyk kompaniýasyny satyn aldy

  • 23.07.2022 16:10
  • 8.6k+

Amazon.com Inc. amerikan internet-riteýleri ilkinji lukmançylyk sanitariýa kömegini üpjün edýän One  Medical kompaniýasyny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Baş kompaniýasy 1Life Healthcare Inc. bolan One Medical ABŞ-da 182 lukmançylyk ofisini dolandyrýar.
Amazon One Medical-yň paýnamasy üçin 18 dollar tölär, şertnama karzy hasaba almak bilen 3,9 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.
Şeýlelik bilen, Amazon saglygy goraýyş pudagynda giňelmegini dowam etdirýär. 2019-njy ýylda ol PillPack onlaýn dermanhanasyny satyn aldy, soňrak işgärler üçin ilkinji kömek klinikasyny açdy.
Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, One Medical-yň baş ýerine ýetiriji müdiri Amir Den Rubin bolup galar. Amazon-yň paýnamalary penşenbe güni söwdanyň dowamynda 0,7% arzanlady. 1Life Healthcare Inc. kompaniýasynyň kagyzlary 67,8% gymmatlaýar.


31.01.2026 09:16
836

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...

13.01.2026 13:28
8.2k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

03.01.2026 11:24
14k+

Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy

Dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumy baýlygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli rekord derejede 2,2 trillion dollar artyp, 11,9 trillion dollara ýetdi. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan "Bloomberg" agentligi habar berýär...