Toyota birnäçe zawodynda önümçiligini togtadýar

  • 21.07.2022 22:49
  • 19k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada önümçiligini togtatmak meýilleri barada mälim etdi: şaý toplumlarynyň ýetmezçiligi we COVID-19-yň ýaňadan örç almalary bilen baglanyşykly alty zawodda dokuz liniýanyň işi togtadylar, olar awgustyň 1-den 31-i aralygynda 18 günläp işsiz durar.

COVID-19-yň täze ştammynyň ýaýramagy we ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi bilen bagly entegem dowam edýän düýpli kynçylyklar - Toyotanyň öz zawodlaryny doly güýjünde işledip bilmeýänliginiň esasy sebäpleri bolup durýar. Mundan hem başga, kompaniýa güýzde we ondan soňraky boljak ýagdaýlary öňünden çaklap bilenok.
Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Toyotanyň ýapon zawodlary meýilleşdirilenden 50 müň ulagy kem goýberer, Toyotanyň  iýul aýynda umumy dünýä möçberindäki önümçiligi, takmynan, 700 müň ulagdan ybarat, olaryň 200 müň sanysy Ýaponiýada çykarylmaly.
Iýul aýynda Toyota  kompaniýasy Toyota RAV4-iň, Harrier-iň, Grown-yň, Noah-yň, Voxy-niň, MIRAI-niň, bZ4X-iň we GR Yaris-iň, şeýle hem az mukdarda goýberilýän Lexus LG kaşaň kupeniň goýberilýän Motomaçi we Takaoke zawodlarynda dört liniýanyň togtadyljakdygyny mälim etdi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......