Netflix II çärýekde 1 mln töweregi töleg töleýän abunaçysyny ýitirdi

  • 21.07.2022 14:00
  • 8.2k+

Dünýäde iň uly abuna ýazylyşygy boýunça wideo akym serwisi Netflix Inc. ikinji çärýekde 1 mln töweregi ulanyjysyny ýitirendigini hasaba aldy, şol bir wagtyň özünde kompaniýa arassa girdejisiniň we girdejisiniň ýokarlanandygy barada hasabat berdi diýip, interfax.ru habar berýär.

Metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ikinji çärýekde tölegli serwisleriň müşderileriniň sany kompaniýa tarapyndan garaşylan 2 million azalma derek 970 müň birlik azaldy. 
Kompaniýa ABŞ-da we Kanadada 1,3 mln, Ýewropada 800 müň abunaçyny ýitirendigini hasaba aldy, emma Aziýada 1,1 mln täze müşderi gazandy. Kompaniýa şu çärýekde töleg töleýän abunaçylaryň sanyny 1 mln artdyryp, 221,7 mln-a ýetirmekçi bolýar. 
Şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň arassa girdejisi aprel – iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwründäki $1,35 mlrd ýa-da paý üçin $2,97 bilen deňeşdirilende, $1,44 mlrd ýa-da paý üçin $3,22 boldy. Girdeji 8,6% ýokarlanyp, $7,97mlrd-a ýetdi. Analitikler kompaniýanyň arassa girdejisiniň ortaça $8,05 mlrd girdejide paý üçin $3 derejesinde bolmagyny çaklapdylar. 
Üçünji çärýekde Netflix $7,84 mlrd girdeji we paý üçin $2,14 derejesinde düşewünt almagy meýilleşdirýär. Çaklama, degişlilikde, $8,08 mlrd we paý üçin $2,77 bolmagyny göz öňünde tutýar.
Netflix-iň paýnamalarynyň bahasy sişenbe güni hasabat neşir edilenden soň 8% ýokarlandy. Kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy bolsa ýylyň başyndan bäri üç esse, $84,8 mlrd-a çenli azaldy.


15.05.2026 11:36
2.3k+

Netflix Adam Sendler bilen «Synpdaşlar-3» komediýasynyň üstünde işläp başlady

Netflix platformasy baş keşbi Adam Sendleriň ýerine ýetirmeginde meşhur «Synpdaşlar-3» komediýasyny çykarar. Täze filmiň tutumy barada Hollywood Reporter neşiri habar berdi....

14.05.2026 17:28
5k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

23.04.2026 21:04
2.2k+

Netflix «Çarli şokolad fabrigine garşy» atly multfilmi çykarar

Netflix striming hyzmaty Roald Dalyň eserleriniň esasynda döredilen «Çarli şokolad fabrigine garşy» («Чарли против шоколадной фабрики») atly täze animasion filmini tanyşdyrdy. Bu barada Variety neşiri habar......

19.04.2026 14:19
2.6k+

Netflix-iň esaslandyryjysy Rid Hastings 30 ýyla golaý işläninden soň kompaniýadan gidýär

Netflix striming hyzmatynyň esaslandyryjysy Rid Hastings müdirler geňeşiniň başlygy wezipesiniň möhleti tamamlanandan soň, iýun aýynda kompaniýadan gider....