Serdar Berdimuhamedow Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

  • 21.07.2022 00:29
  • 21k+

20-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Döwlet Baştutany türk kompaniýalary bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, iň ýokary tehnologiýalar esasynda enjamlaryň abatlanylmagyny we uzak möhletleýin işledilmegini üpjün edip biljek Merkezi Aziýadaky ýeke-täk kärhananyň açylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şu günki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň hem-de desgalaryň şertnamada bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň türkmen tarapynyň esasy şerti bolandygyna we şeýle bolmagynda-da galýandygyna ünsi çekdi.


şu gün 19:20
1.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......