Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

  • 21.07.2022 00:25
  • 8.5k+

20-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy. Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygynyň şu gezekki sapary iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyllygynyň bellenilen günlerine gabat geldi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat goýdy. Söhbetdeşler ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny aýdyp, import-eksport harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň ähmiýetli ornuna üns çekildi.
Döwlet Baştutany hem-de myhman dürli taslamalary durmuşa geçirmek, bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak meselesine aýratyn üns berdiler. Munuň özi söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. Hususy işewürlik ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygy barada aýdyp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň bilelikdäki anyk meýilnamalara we maksatnamalara esaslanmalydygyny bellediler. Şunda döredijilik çärelerini, sergileridir maslahatlary guramagyň ähmiýeti nygtaldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......