Ýewropada kowid bilen kesellemäniň sany bir ýarym aýda üç esse köpeldi

  • 20.07.2022 17:44
  • 35k+

Ýewropada COVID-19 bilen kesellänleriň sany üç esse, hassahana ýerleşdirilenleriň sany iki esse artdy diýip, sişenbe güni BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýuge mälim etdi.

"Ýewropa sebitinde soňky alty hepdäniň dowamynda COVID-19 bilen täze kesellänleriň sany üç esse köpeldi, geçen hepde täze kesellänleriň sanynyň 3 mln töweregi bolandygy habar berlipdi, bu bolsa dünýäde ýüze çykan täze kesellemeleriň ýarsyna deň diýen ýalydyr. Şol döwür içinde koronawirus ýokaşyp hassahana ýerleşdirilenleriň sany iki esse köpeldi, ýöne intensiw terapiýa bölümine ýerleşdirilýänler häzire çenli degişlilikde seýrek bolmagynda galýar " - diýip, Klýuge BSGG-niň saýtynda çap edilen beýannamasynda habar berýär.

Şeýle-de, ol Ýewropada her hepde koronawirus sebäpli 3 müň töweregi adamyň ýogalýandygyny belledi.
Klýugeniň sözlerine görä, häzirki ýagdaý geçen ýylyň şu döwründe ýüze çykan ýagdaýa meňzeşdir, emma o gezek keselçilik "delta" ştammyň hasabyna artypdy, häzir bolsa "omikronyň" bir şahasy sebäpli köpelýär. 
Ýewropa güýzki we gyşky ýokanç keselleriň öňünde durmaga kömek bermek üçin BSGG koronawirusa we beýleki ýiti respirator kesellerine garşy göreşmegiň strategiýasyny çykarýar. Onda, esasan, gurama ýurtlara öz saglyk ulgamlaryna düşýän  agram artan ýagdaýynda, tizden-tiz hereket etmäge taýýar bolmagy maslahat berýär.
Şeýle-de, BSGG ilata sanjym etmegi güýçlendirmeklige, immuniteti gowşak adamlara ikinji "buster" sanjymyny etmeklige we käbir töwekgel topara girýän adamlara şeýle sanjymy etmek mümkinçiligine garamaklyga, ýapyk binalarda we ulaglarda örtük geýmegi ündemeklige, jaýlary ýelejiredip durmaklyga  çagyrýar.


08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.3k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....